BIZ HAKDA

Biziň kärhanamyz, plastmassadan hojalyk önümlerini öndürmegi 2006-njy ýylda hususy haryt öndürijileriň içinde ilkinji bolup ýola goýandyr. Şol wagtdan bäri, kärhanamyz öz öndürýän plastmassa önümlerini “AKPEN” atly söwda markasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerini üpjün etmäge başlady we hili boýunça tapawutlanyp uly abraýa eýe boldy.

2015-nji ýyldan bäri plastmassa önümçiligini “Sabyrly Iş” HJ atly täze kärhanamyz “Sabyrly plastik” söwda markasy bilen dowam edýär. 12 ýyllyň içinde öndürýän plastmassa önümlerimiz 52 görnüşe ýetdi.

"Sabyrly iş” HJ esasy maksady - dürli maksatly plastik önümlerini ýokary hilli we amatly bahadan halkymyza hödürlemek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümler bilen ýurdumyzy üpjün etmekdir. Önümlerimiz halkara standartlaryna gabat gelýän daşary ýurt enjamlarynda ýokary hilli poliprepilen çyg malyny ulanmak bilen öndürilýär.